11 Ýehowa kem çekýän terezini ýigrenýär,
Dogry terezi daşyndan razydyr+.
2 Tekepbirlik masgara edýändir+,
Akyldarlyk bolsa pespäller bilendir+.
3 Dogruçyl adam wepaly bolup ýaşaýar+,
Dönükler içigaraçylygyndan heläk bolar+.
4 Gazap gününde baýlygyň peýdasy bolmaz+,
Dogruçyllyk ölüm penjesinden halas eder+.
5 Hudaýa wepaly adam halal ýaşap ýollaryny tekizlär,
Zalym erbetliginden heläk bolar+.
6 Halal adamyň dogruçyllygy janyny halas eder+,
Dönük adam nebsiniň duzagyna düşer+.
7 Erbet adam ölende, umydy öçer,
Güýjüne daýanyp eden arzuwy puja çykar+.
8 Dogruçyl adam betbagtçylykdan gutular,
Onuň ýerine erbet adam tutular+.
9 Hudaýsyz adam dili bilen goňşusyny heläk edýär,
Dogruçyl adam bilimi bilen halas bolýar+.
10 Dogruçylyň ýagşylygy il-güni begendirer,
Erbet ölende bütin halk toý tutar+.
11 Dogruçylyň alýan berekedi şäheri gülledýär+,
Erbediň dili bolsa şäheri çökerýär+.
12 Akylsyz adam goňşusyny kemsidýär,
Parasatly adam dilini saklaýar+.
13 Gybatçy syry paş edýär+,
Ynamdar adam syr saklaýar.
14 Paýhasly maslahat berilmese, halk kösener,
Maslahatçy köp bolsa, üstünlik gazanylar+.
15 Ýat adamyň karzyny boýun alan zyýan çeker+,
Söz bermäge howlukmaýan adam arkaýyn ýaşar.
16 Mylaýym zenan at-abraý gazanýar+,
Rehimsiz adam baýlyk toplaýar.
17 Mähirli adam haýyr tapar+,
Gödek adam öz başyny bela sokar+.
18 Erbet adam haram gazanç edýär+,
Halal ýaşaýan adam sylag alýar+.
19 Adalatyň tarapyny tutan ýaşaýyş ýolundadyr+,
Zalymlygy küýseýän ölüm ýodasyndadyr.
20 Ýehowa mekir adamy ýigrenýär+,
Wepaly ynsany görüp begenýär+.
21 Bilip goý, zalym adam jezasyz galmaz+,
Dogruçylyň perzentleri aman ýaşar.
22 Owadan, ýöne akylsyz aýal,
Doňzuň burnuna dakylan altyn halka ýalydyr.
23 Dogruçylyň dilegi ýerine düşer+,
Erbediň umydy Hudaýyň gaharyny getirer.
24 Jomart adamyň berekedi artar+,
Gysganç adam garyp düşer+.
25 Jomardyň döwleti artar+,
Suw berene suw berler+.
26 Gallasyny satman, basyp goýýany halk näletlär,
Arpa-bugdaý satýana il-gün alkyş aýdar.
27 Bar güýji bilen ýagşylyk edýän bereket alar+,
Ýamanlygyň küýüne düşeniň maňlaýy daşa deger+.
28 Baýlygyna daýanýan ýykylar+,
Dogruçyl adam al-ýaşyl öwüsýän bag ýaly bolar+.
29 Maşgalasyny utanja goýýanyň mirasy bolmaz+,
Akmak adam akyllynyň guly bolar.
30 Dogruçylyň işleri ýaşaýyş daragtydyr+.
Halal ýaşamagy ündeýän adam paýhaslydyr+.
31 Dogruçyl adama temmi berilýän bolsa,
Erbet bilen günäkär adam jezasyz galarmy?+