Süleýmanyň aýdymy
7 «Güler ýüzli gözel gyz,
Çarykly aýagyň owadan!
Biliň* ýonulan göwher daşy,
Ökde zergäriň eliniň işi.
2 Käse ýaly tes-tegelek göbegiň,
Içindäki şerap hiç egsilmeýär.
Garnyň bugdaý üýşmegine meňzeýär,
Daşyny çigildemler bezeýär.
3 Göwsüň jübüt keýige+ meňzär,
Ekiz owlagy ýatladar.
4 Boýnuň+ pil süňkünden ýasalan diňdir+,
Burnuň Damasga bakýan Liwan diňidir.
Şa ýesirdir saçyň her bir taryna.
6 Sen şeýle mähirli, şeýle owadan,
Hiç bir lezzet ornuň tutmaz, näzenin.
8 Diýdim: „Hurma agajyna çykaýyn,
Miwesini ýekän-ýekän ýygaýyn“.
«Goý, aşygymyň janyna hoş ýaksyn,
Dodagyna damyp, uka gidirsin.
10 Men söýgülimiň ýeke-tägi+,
Mendirin onuň küýsegi.
12 Säher bilen turaly, üzümlige gideli,
Pyntyklandyr üzümler,
Gülländir uzyn şahalar+,
Gül açandyr nar agaçlar+.
Bile baryp göreli,
Söýgim hakda söz açaly+.
Ter miwelerden hem kişdelerden*,
Söwer ýarym, seniň aýry paýyň bar.