-
5 Musa 33:13—17Mukaddes Kitap
-
-
13 Ýusup hakda şeýle diýdi+:
«Ýehowa topragyna bereket bersin+,
Asmanyň genji-hazynasyny,
Säher çygyny, gaýnap çykýan çeşme-çaýlary+,
14 Gün çoguna bitýän miweleri,
Her aý ýetişýän bol hasyly+,
15 Gojaman daglaryň* baýlygyny+,
Ebedi depeleriň hazynasyny,
16 Ýer ýüzüniň ähli baýlygyny bersin+.
Ýandakda görnen Hudaý ondan razy bolsun+.
Goý, şu bereketler Ýusubyň başyna,
Doganlaryndan saýlananyň täjine ýagsyn+.
17 Ol ilkinji doglan öküz deý haýbatlydyr,
Şahlary ýabany öküziň şahy kimindir.
Şahy bilen halklary süser,
Ýeriň aňry ujuna äkider.
Bir şahy — Efraýymyň+ 10 000 esgeri,
Beýlekisi — Manaşanyň 1 000 esgeri».
-