18 Şeýlelikde, Ybram göçüp-gonup, çadyrda ýaşaberdi. Biraz wagtdan ol Hebrondaky+ Mamräniň uly agaçlarynyň+ golaýyna göçüp bardy. Şol ýerde ol Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny gurdy+.
13 Söweşden gaçyp gaýdanlaryň biri gelip, bolan zatlary Ybrama* gürrüň berdi. Şol wagt Ybram amor halkyndan bolan Mamräniň uly agaçlarynyň+ golaýynda çadyrda ýaşaýardy. Mamre Eşkol bilen Aneriň+ agasydy. Olar Ybram bilen gowy gatnaşýardy*.