- 
	                        
            
            2 Musa 26:1—6Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        26 Mukaddes çadyr+ üçin nepis zygyrdan*, gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden we gyrmyzy ýüplükden on sany mata dokaň. Olaryň ýüzüni keruplaryň+ şekili bilen keşdeläň+. 2 Her matanyň uzynlygy 28 tirsek*, ini 4 tirsek bolup, hemmesiniň ölçegi birmeňzeş bolsun+. 3 Matalaryň bäşisini biri-birine çatyň, beýleki bäşisini hem şeýle ediň. Şonda iki sany uly mata bolar. 4 Şol iki bölek matany biri-birine birleşdirmek üçin hersiniň gyrasyna gök ýüplükden halkalar tikiň. 5 Iki bölek matanyň hersiniň gyrasynda 50 halka bolsun. Halkalary biri-biriniň garşysynda durar ýaly edip tikiň. 6 Altyndan 50 sany ildirgiç ýasap, iki bölek matany ildirgiç bilen biri-birine berkidiň. Şonda çadyr bir bitewi bolar+. 
 
-