- 
	                        
            
            2 Musa 26:7—11Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        7 Şeýle-de mukaddes çadyryň üstüni ýapmak üçin geçi ýüňünden+ 11 mata taýynlaň+. 8 Her matanyň uzynlygy 30 tirsek, ini 4 tirsek bolsun. Şol 11 matanyň hemmesiniň ölçegi birmeňzeş bolsun. 9 Matalaryň bäşisini biri-birine çatyň, galan altysyny hem şeýle ediň. Şonda iki sany uly mata bolar. Altynjy matany çadyryň öň tarapynda iki epläp goýuň. 10 Şol iki bölek matany biri-birine birleşdirmek üçin hersiniň gyrasyna 50 halka tikiň. 11 Misden 50 sany ildirgiç ýasap, olary halkalardan geçiriň-de, iki uly matany birleşdiriň. Şonda çadyry örtýän mata bir bitewi bolar. 
 
-