33 Ol sizi çagyryp: „Käriňiz näme?“ diýip sorasa, 34 „Patyşahym, biz hem ata-babalarymyz ýaly, ýaşlygymyzdan çopançylyk edýäris“+ diýip jogap beriň. Şonda ol size Goşende+ ýaşamaga rugsat berer, sebäbi müsürliler çopanlary halaýan däldir»+ diýdi.
25 Musa: «Ýehowa Hudaýymyza ýakma gurbanlyklary hödürlär ýaly, gurbanlyk üçin mal bermeseň bolmaz*+. 26 Mal-garamyzy alyp gideris, Ýehowa Hudaýymyza gurbanlyk bermek üçin mal-gara gerek bolar. Ýehowa näme gurbanlyk beriljegi entek belli däl, baranymyzdan soň biläýmesek» diýip jogap berdi.