5 Şonda Ýehowa Hudaýyňyzyň huzurynda şeýle diýiň: „Atam sergezdan bolup* ýören siriýalydy*+. Ol kiçijik maşgalasy bilen+ Müsüre göçüp+, gelmişek bolup ýaşady. Şol ýerde ondan beýik, güýçli we uly halk döredi+.
17 Hudaýyň Ybraýyma beren wadasynyň ýerine ýetmeli wagty ýetip gelýärdi. Ýakubyň nesli Müsürde günsaýyn köpelýärdi. 18 Şol döwür Müsürde Ýusuby tanamaýan adam patyşa boldy+. 19 Ol mekirlik bilen halky gyrmak üçin, ata-babalarymyzy bäbeklerinden geçmäge mejbur etdi+.