- 
	                        
            
            4 Musa 35:11Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        11 Ýurtda özüňize amatly ýerlerden gaçybatalga şäherlerini saýlaň. Biri tötänden adam öldürse, şoňa gaçyp barsyn+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            4 Musa 35:22—25Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        22 Adam birini ýigrenmese-de, tötänden itekläp goýberse ýa-da bilmän*+ zat zyňsa, 23 görmän daş zyňsa, ýa-da daşy üstüne gaçyrsa, ol adam hem ölse, ýöne günäkäriň hiç hili duşmançylygy we erbet niýeti ýok bolsa, 24 jemagat şol zatlary göz öňünde tutup, adam öldüren bilen gan algylynyň* arasyndaky meselä seretsin-de, höküm çykarsyn+. 25 Soňra jemagat ol adamy gan algylydan* gorap, gaçyp baran gaçybatalga şäherine yzyna äkitsin. Ol baş* ruhany+ ölýänçä, şol şäherde ýaşamalydyr. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            5 Musa 19:3—5Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        3 Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip beren ýurduny üç bölege bölüň-de, hersinde bir şäheri gaçybatalga ediň. Adam öldüren kişi gaçyp biler ýaly, şol şäherlere ýol çekiň. 4 Gaçybatalga şäheri üçin düzgün şeýledir: eger biri hiç hili duşmançylygy bolman, bir adamy tötänden öldürse, şol şähere gaçyp gutulyp biler+. 5 Aýdaly, iki adam tokaýa odun almaga gidýär. Olaryň biri odun çapyp durka, palta sapyndan sypyp, beýleki adama degse, ol hem ölse, ganhor şol şäherleriň birine gaçyp başyny gutarsyn+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            Ýuşa 20:7—9Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        7 Şonda ysraýyllar şu şäherleri saýladylar*: Naftaly daglygynda ýerleşýän Jeliledäki Kedeş+, Efraýym daglygynda ýerleşýän Şekem+, Ýahuda daglygynda ýerleşýän Kirýat-arba+, ýagny Hebron, 8 ruben taýpasynyň mülkünden Iordanyň aňyrsynda, Ýerihonyň gündogarynda, düzlükde ýerleşýän Bezer+, gad taýpasynyň mülkünden Gileaddaky Ramot+, manaşa+ taýpasynyň mülkünden Başandaky Golan+. 9 Ysraýyllardan ýa gelmişeklerden bolsun, tötänden birini öldüren adam şol şäherleriň birine gaçyp+, jemagatyň öňünde höküm çykarylýança, gan algylydan* goranyp bilýärdi+. 
 
-