13 Ýuşa Ýerihonyň golaýyna barypdy. Görse, öňünde eli gylyçly+ adam dur+. Ýuşa onuň ýanyna baryp: «Sen biziňkilerdenmi ýa duşmanlardan?» diýip sorady. 14 Ol bolsa: «Men Ýehowanyň goşunynyň serkerdesi»+ diýdi. Ýuşa dessine ýüzüni ýere berip, tagzym etdi-de: «Agam, näme hyzmat?» diýdi.