-
Ýewreýler 9:18—20Mukaddes Kitap
-
-
18 Hatda köne ähtiň güýje girmegi üçin hem gan dökülmelidi. 19 Musa pygamber Töwradyň ähli tabşyryklaryny halka aýdanda, öküzçeleriň we geçileriň ganyny suwa garypdy. Soňra gyrmyzy ýüňi, bir desse issop otuny* gana batyryp, äht kitabyna* we bütin halka sepip: 20 «Şu gan ähti güýje girizýär. Hudaý şol ähti berjaý etmegi tabşyrýar»+ diýdi.
-