Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Musa 40:21
    Mukaddes Kitap
    • 21 Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, äht* sandygyny+ mukaddes çadyra getirdi. Sandyk görünmez ýaly, öňüne tuty+ asdy.

  • 3 Musa 16:2
    Mukaddes Kitap
    • 2 Ýehowa şeýle diýdi: «Doganyň Haruna aýt, tutynyň+ aňyrsyndaky iň mukaddes otaga+, äht sandygynyň ýanyna islän wagty girmesin, ýogsam öler+. Sebäbi gapagyň üstündäki+ bulutda meniň şöhratym görünýändir+.

  • 1 Patyşalar 8:6
    Mukaddes Kitap
    • 6 Soňra ruhanylar Ýehowanyň äht sandygyny ybadathananyň içki otagyna, ýagny iň mukaddes otaga eltip, öz ýerinde+, keruplaryň+ ganatlarynyň aşagynda goýdular.

  • Ýewreýler 9:2—4
    Mukaddes Kitap
    • 2 Çadyryň birinji otagyna mukaddes otag+ diýilýärdi. Onda şemdan+, stol we onuň üstünde hödür çörekleri durýardy+. 3 Ikinji tutynyň+ aňyrsynda iň mukaddes otag+ bardy. 4 Ol otagda altyndan tütetgi gap+ we tutuşlygyna altyna gaplanan+ äht sandygy+ bardy. Sandygyň içinde içi mannaly altyn jam+, Harunyň güllän hasasy+ we Hudaýyň kanuny ýazylan äht daşlary+ bardy.

  • Ýewreýler 9:12
    Mukaddes Kitap
    • 12 Ol iň mukaddes otaga geçileriň we öküzçeleriň gany bilen däl, öz gany bilen girdi+. Şeýdip, bizi bir gezekde hemişelik halas etdi*+.

  • Ýewreýler 9:24
    Mukaddes Kitap
    • 24 Şonuň üçin Mesih gökdäki zatlaryň nusgasyna+, ýagny ynsan eli bilen ýasalan iň mukaddes otaga däl-de+, göge girip+, biziň üçin Hudaýyň huzuryna bardy+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş