- 
	                        
            
            4 Musa 4:14, 15Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        14 Soňra üstüne gurban bermek üçin ulanylýan gaplary: külatarlary, çarşaklary, pilçeleri, tabaklary we gurbanlyk ojagynyň beýleki esbaplaryny+ goýup, düwleniň* derisinden edilen örtügi ýapsynlar-da, taýaklaryny+ daksynlar. 15 Göçmeli bolanda, Harun bilen ogullary mukaddes çadyrdaky+ zatlaryň we esbaplaryň üstüni doly ýapsyn. Şondan soň kohatlar gelip, olary götersin+. Ýöne olar heläk bolmaz ýaly, mukaddes çadyryň esbaplaryny eli bilen ellemesin+. Kohatlar ýygnak çadyrynyň zatlaryny götermäge jogapkärdir. 
 
-