-
2 Musa 37:25—28Mukaddes Kitap
-
-
25 Soňra akasiýa agajyndan tütetgi ojagyny*+ ýasady. Uzynlygy-da, ini-de bir tirsek, beýikligi iki tirsekdi. Tütetgi ojagy dörtburçdy, şahlary bilen bir bitewidi+. 26 Besalel ojagyň üstüni, gapdalyny we şahlaryny sap altyna gaplap, ýokary gyrasyny altyn bilen nagyşlady. 27 Iki gapdalyna-da altyndan iki halka ýasap, nagşynyň aşagyna dakdy. Tütetgi ojagynyň taýaklaryny geçirmek üçin, halkalary biri-biriniň garşysynda goýdy. 28 Taýaklary hem akasiýa agajyndan ýasap, altyna gaplady.
-