18 Soňra ýene-de öňkim ýaly 40 gije-gündizläp iýmän-içmän+, Ýehowanyň huzurynda ýüzümi ýere berip ýatdym. Sebäbi siz Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edip, göwnüne degdiňiz. 19 Men gaty gorkdum, Ýehowa size gaharlanyp+, baryňyzy ýok etjek boldy. Ýöne şol gezek hem Ýehowa dilegimi eşitdi+.