-
2 Musa 18:25, 26Mukaddes Kitap
-
-
25 Ol ysraýyllardan başarjaň adamlary saýlap, olary halka müňbaşy, ýüzbaşy, ellibaşy we onbaşy edip goýdy. 26 Şeýlelikde, olar halka kazylyk edip, ýüze çykan meselelere seredip başladylar. Çözüp bilmeseler, Musa habar berdiler+. Kiçiräk meseleleri bolsa özleri çözdüler.
-
-
4 Musa 27:1—5Mukaddes Kitap
-
-
27 Selophatyň Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsa atly gyzlary bardy+. Selophat Ýusubyň ogly Manaşanyň taýpasyndan bolup, Heperiň ogly, Gileadyň agtygy, Mahyryň çowlugy, Manaşanyň ýuwlugydy. Bir gün Selophatyň gyzlary 2 ýygnak çadyrynyň* agzyna gelip, Musa, Algazar ruhana, baştutanlara+ we jemagata: 3 «Kakamyz çölde aradan çykdy. Ýöne ol Ýehowa garşy giden Karunyň tarapdarlaryna+ goşulmandy. Ol öz günäsi üçin öldi, ogly hem ýok. 4 Ogly bolmandygy üçin, kakamyzyň ady ýitip gidäýmelimi? Bize kakamyzyň doganlarynyň arasyndan mülk beräýiň» diýdiler. 5 Musa muny Ýehowa habar berdi+.
-