15 Faraon kesirlik edip, goýbermejek bolanda+, Ýehowa müsürlileriň nowbahar ogullaryny we ilkinji doglan erkek mallaryny öldürdi+. Şol sebäpli ilkinji doglan erkek mallary Ýehowa gurbanlyk berýäris, nowbahar ogullarymyz üçin töleg töleýäris“ diýiň.
15 Ynsan bolsun, mal-gara bolsun, Ýehowa bagyş edilýän ähli nowbaharlar+ seniňki bolar. Ýöne nowbahar ogullar+ we ilkinji doglan haram mallar üçin töleg tölenmelidir+. 16 Bir aýlykdan geçen çagalar üçin mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg bilen bäş şekel*+ kümüş tölensin. Bir şekel 20 gera* deňdir.