- 
	                        
            
            2 Musa 30:34—36Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        34 Şondan soň Ýehowa Musa: «Hoşboý ysly zatlardan balzam, onika*, arpabadyýan we ladan* al. Hemmesiniň ölçegi deň bolsun+. 35 Olary gowy* garyp, duz sep-de+, tütetgi ýasa+. Tütetgi arassa we mukaddes bolmalydyr. 36 Tütetginiň bir bölegini owrat-da, birazajygyny ýygnak çadyryndaky äht* sandygynyň öňünde, saňa görünjek ýerimde goý. Tütetgi siz üçin örän mukaddes bolsun. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            Ylham 8:3—5Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        3 Men başga bir perişdäniň gelip, gurbanlyk ojagynyň*+ ýanynda durandygyny hem gördüm. Onuň elinde tütetgi ýakylýan altyn gap bardy, şonuň üçin köp mukdarda tütetgi berildi+. Mukaddesler doga edende, ol tütetgini tagtyň öňünde duran altyn gurbanlyk ojagynda+ ýakmalydy. 4 Perişdäniň elindäki tütetginiň tüssesi mukaddesleriň dogasy+ bilen bile Hudaýyň huzuryna barýardy. 5 Emma perişde şol bada tütetgi gabyny alyp, gurbanlyk ojagyndaky közden* doldurdy. Soňra közi ýere dökende, gök gürläp, ses eşidildi we ýyldyrym çakyp+, ýer titredi. 
 
-