-
5 Musa 14:4—20Mukaddes Kitap
-
-
4 Ine şu haýwanlary iýip bilersiňiz+: öküz, goýun, geçi, 5 keýik, jeren, maral, ýabany geçi, saýgak*, ýabany goýun, dag goýny. 6 Goşa toýnakly we gäwüş gaýtarýan islendik haýwany iýse bolýandyr. 7 Eger haýwan diňe gäwüş gaýtarýan bolsa ýa diňe goşa toýnakly bolsa, ony iýmäň. Düýäni, towşany, gaýa torsugyny iýmäň, sebäbi olar gäwüş gaýtarsa-da, goşa toýnakly däl. Olar siziň üçin haramdyr+. 8 Doňzy hem iýmäň, sebäbi ol goşa toýnakly bolsa-da, gäwüş gaýtarmaýar. Ol siziň üçin haramdyr. Olaryň etini-de iýmäň, maslygyna-da degmäň.
9 Suwda ýaşaýan janly-jandarlardan ýüzgüçli we teňňeli islendik jandary iýip bilersiňiz+. 10 Emma ýüzgüçsiz we teňňesiz jandarlary iýmäň. Olar siziň üçin haramdyr.
11 Halal guşlaryň ählisini iýip bilersiňiz. 12 Ýöne şulary iýmäň: bürgüt, balykçy gyrgy, gajar+, 13 gyzyl çaýkel, gara çaýkel, çaýkeliň ähli görnüşi, 14 garganyň ähli görnüşi, 15 düýeguş, baýguş, çarlak, laçynyň ähli görnüşi, 16 hüwi, otagaly hüwi, guw, 17 gotan, garaguş, garajagaz, 18 leglek, hokgaryň ähli görnüşi, hüýpüýpik we ýarganat. 19 Ganatly mör-möjekleriň ählisi siziň üçin haramdyr, olary iýmäň. 20 Ýöne ganatly halal jandarlary iýip bilersiňiz.
-