14 Göterme sadakasy hökmünde galgadylan döşi, mukaddes paý hökmünde berilýän budy+ ogul-gyzlaryň bilen arassa ýerde iý+. Ysraýyllaryň parahatlyk gurbanlyklaryndan saňa we ogullaryňa berýän paýym şoldur.
19 Ysraýyllaryň Ýehowa getirýän ähli mukaddes sadakasyny+ saňa, ogul-gyzlaryňa hemişelik paý edip berýärin+. Ýehowa seniň bilen, nesilleriň bilen ebedilik* äht baglaşdy» diýdi.