-
4 Musa 28:26—31Mukaddes Kitap
-
-
26 Ilkinji hasylyňyzdan+ Ýehowa galla sadakasyny getiren günüňiz+, Hepdeler baýramynda mukaddes ýygnak geçiriň+. Hiç hili agyr iş etmäň+. 27 Iki öküzçäni, bir goçy, ýedi sany erkek toklyny Ýehowa ýakymly ysly ýakma gurbanlygy edip beriň+. 28 Her öküzçäniň ýany bilen galla sadakasy üçin üç jam*, goçuň ýany bilen iki jam* ýokary hilli una ýag garyp, 29 ýedi toklynyň hersi üçin bolsa bir jam* una ýag garyp getiriň. 30 Şeýle-de günäleriňizi ýuwmak üçin, bir owlagy günä gurbanlygy edip beriň+. 31 Şol zatlary her günki ýakma gurbanlygy bilen galla sadakasynyň daşyndan hödürläň. Mallar şikessiz bolsun+, hersiniň ýany bilen şerap sadakasyny-da beriň.
-