-
1 Musa 8:20, 21Mukaddes Kitap
-
-
20 Soňra Nuh Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny*+ gurup, halal haýwanlaryň we halal guşlaryň+ birnäçesini ýakma gurbanlygy edip hödürledi+. 21 Ýehowa gurbanlyklaryň ýakymly ysyny halady*. Şonda Ýehowa içinden: «Gaýdyp adam sebäpli, topragy näletlemerin*+. Sebäbi ynsan ýüregi ýaşlygyndan erbetlige ýykgyndyr+. Indi ynsanlary hem haýwanlary hiç haçan beýdip ýok etmerin+.
-