-
4 Musa 28:3—8Mukaddes Kitap
-
-
3 Olara şeýle diý: „Ine şu zatlary Ýehowa ýakyp gurban bermelisiňiz: her gün ýakma gurbanlygy+ üçin şikessiz iki sany erkek tokly. 4 Toklularyň birini irden, beýlekisini agşamara* gurbanlyk beriň+. 5 Ýany bilen bir jam* ýokary hilli una bir golça* zeýtun ýagyny guýup, galla sadakasyny hem hödürläň+. 6 Ýehowa Sinaý dagynda ýakymly ysly ýakma gurbanlygy yzygider bermegi+ tabşyrypdy. 7 Her toklynyň ýany bilen bir golça* şerap sadakasyny hem hödürläň+. Şeraby mukaddes ýerde Ýehowa şerap sadakasy hökmünde döküň. 8 Beýleki toklyny agşamara* gurban berip, irdenki ýaly galla we şerap sadakasy bilen hödürläň. Toklyny Ýehowa ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde ýakyň+.
-