-
2 Musa 23:31—33Mukaddes Kitap
-
-
31 Gyzyl deňizden piliştlileriň deňzine* we çölden Ýewfrat derýasyna çenli aralyga çäk goýaryn+. Şol ýerdäki ähli halklary eliňize bererin, olary kowup çykararsyňyz+. 32 Olaryň özleri bilen-de, taňrylary bilen-de äht baglaşmaň+. 33 Olar ýurduňyzda ýaşamasyn, ýogsam size günä etdirerler. Eger olaryň taňrylaryna sežde etseňiz, olar size duzak bolar»+.
-
-
Ýuşa 23:12, 13Mukaddes Kitap
-
-
12 Emma Hudaýdan ýüz öwrüp, daş-töweregiňizde ýaşaýan halklara+ goşulyp, olar bilen gatnaşsaňyz, garyndaşlyk açsaňyz+, 13 bilip goýuň, Ýehowa Hudaýyňyz şol halklary ýurtdan kowup çykarmaz+. Ýehowa Hudaýyňyzyň beren gowy ýurdunda gyrlyp gutarýançaňyz, olar size duzak hem tor, arkaňyza urlan gamçy+, gözüňize dürtülen tiken ýaly bolar.
-