-
4 Musa 27:1—7Mukaddes Kitap
-
-
27 Selophatyň Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsa atly gyzlary bardy+. Selophat Ýusubyň ogly Manaşanyň taýpasyndan bolup, Heperiň ogly, Gileadyň agtygy, Mahyryň çowlugy, Manaşanyň ýuwlugydy. Bir gün Selophatyň gyzlary 2 ýygnak çadyrynyň* agzyna gelip, Musa, Algazar ruhana, baştutanlara+ we jemagata: 3 «Kakamyz çölde aradan çykdy. Ýöne ol Ýehowa garşy giden Karunyň tarapdarlaryna+ goşulmandy. Ol öz günäsi üçin öldi, ogly hem ýok. 4 Ogly bolmandygy üçin, kakamyzyň ady ýitip gidäýmelimi? Bize kakamyzyň doganlarynyň arasyndan mülk beräýiň» diýdiler. 5 Musa muny Ýehowa habar berdi+.
6 Şonda Ýehowa: 7 «Selophatyň gyzlary dogry aýdýar. Olara kakasynyň doganlarynyň arasyndan ýer ber. Kakasynyň paýy olara berilsin+.
-