30 Uzyýeliň+ ogly Alsapan kohatlaryň tirebaşysydy. 31 Olar äht sandygyna+, stola+, şemdana+, ojaklara+, mukaddes ýerde ulanylýan gap-gaçlara+, tuta*+ we şolar bilen bagly işlere jogapkärdi+.
15 Göçmeli bolanda, Harun bilen ogullary mukaddes çadyrdaky+ zatlaryň we esbaplaryň üstüni doly ýapsyn. Şondan soň kohatlar gelip, olary götersin+. Ýöne olar heläk bolmaz ýaly, mukaddes çadyryň esbaplaryny eli bilen ellemesin+. Kohatlar ýygnak çadyrynyň zatlaryny götermäge jogapkärdir.