- 
	                        
            
            2 Musa 40:36Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        36 Bulut mukaddes çadyryň depesinden göterilende, ysraýyllar hem çadyrlaryny söküp, ýola düşerdiler. Nirä barsalar-da, şeýle ederdiler+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            4 Musa 2:9Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        9 Ýahudanyň düşelgesinde hasaba alnanlar jemi 186 400 adamdyr. Göçmeli bolanda, olar çadyrlaryny birinji ýygnasyn+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            4 Musa 2:16, 17Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        16 Rubeniň düşelgesinde hasaba alnanlar jemi 151 450 adamdyr. Göçmeli bolanda, olar çadyrlaryny ikinji bolup ýygnasyn+. 17 Ýygnak çadyry göçürilende+, lewileriň düşelgesi beýleki düşelgeleriň ortasynda bolsun. Halk çadyrlaryny nähili guran bolsa, şol tertipde+ hem ýola düşsün. Her üç taýpa öz topary bilen ýöresin. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            4 Musa 2:24Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        24 Efraýymyň düşelgesinde hasaba alnanlar jemi 108 100 adamdyr. Göçmeli bolanda, olar çadyrlaryny üçünji bolup ýygnasyn+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            4 Musa 2:31Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        31 Danyň düşelgesinde hasaba alnanlar jemi 157 600 adamdyr. Göçmeli bolanda, olar öz üç taýpasy bilen çadyrlaryny iň soňunda ýygnasyn»+. 
 
-