- 
	                        
            
            2 Musa 4:14—16Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        14 Şonda Ýehowanyň Musa gahary gelip: «Lewilerden Harun+ seniň doganyň dälmi? Ol dilewar adam. Şu wagt seni garşylamaga gaýtdy. Seni görüp begener+. 15 Sözlerimi Haruna aýdyp durarsyň+. Men bolsa sizi goldap, diýjek sözleriňizi agzyňyza salaryn+, etmeli-goýmaly zadyňyzy öwrederin. 16 Saňa derek halk bilen Harun gepleşer. Ol seniň wekiliň bolar, sen bolsa oňa Hudaý ýaly bolarsyň+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            2 Musa 4:30Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        30 Harun olara Ýehowanyň Musa aýdan sözlerini ýekän-ýekän gürrüň berdi. Musa bolsa halkyň öňünde gudratlary görkezdi+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            2 Musa 15:20Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        20 Şonda Harunyň aýal dogany Merýem pygamber eline depregini aldy. Ähli aýallar hem oňa goşulyp, deprek çalyp, tans edip başladylar. 
 
-