-
3 Musa 5:11, 12Mukaddes Kitap
-
-
11 Eger iki gumry ýa iki kepderi bermäge-de ýagdaýy bolmasa, günä gurbanlygy üçin bir jam*+ ýokary hilli un getirsin. Una ýag ýa-da ladan* goşmasyn, sebäbi günä gurbanlygy şeýdip berilmelidir. 12 Ol uny ruhana eltip bersin. Ruhany undan bir goşawuç alyp, gurbanlyk ojagynda Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklaryň üstünde ýatlama sadakasy* hökmünde ýaksyn. Günä gurbanlygy şeýdip berilmelidir.
-
-
3 Musa 6:25, 26Mukaddes Kitap
-
-
25 «Harun bilen ogullaryna aýt: „Günä gurbanlygyny+ şeýdip bermelidir: günä gurbanlygyny hem Ýehowanyň huzurynda ýakma gurbanlygy soýulýan ýerde soýuň+. Ol örän mukaddes gurbanlykdyr. 26 Günä gurbanlygyny hödür edýän ruhany ondan iýip biler+. Ony mukaddes ýerde, ýygnak çadyrynyň howlusynda iýmelidir+.
-