6 «Lewi taýpasyny+ Harun ruhanynyň ýanyna getir. Olar Harunyň hyzmatynda durup+, 7 mukaddes çadyr bilen bagly işleri etsinler. Ýygnak çadyrynda* hyzmat edip, Harunyň we halkyň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirsinler.
18Ýehowa Haruna şeýle diýdi: «Mukaddes çadyra+ garşy edilen günälere sen, ogullaryň we nesilleriň jogap berer. Ruhanylyk borjy bilen bagly günälere-de sen we ogullaryň jogapkärdir+.