21 Şonda Ysraýyl Hudaýy Ýehowa Sihony we tutuş halkyny ysraýyllaryň eline berdi. Ysraýyl hem amorlary derbi-dagyn edip, olaryň ýurduny eýeledi+. 22 Şeýdip, olar Arnondan Ýaboga we çölüň içi bilen Iordana çenli amorlaryň tutuş ýurduny basyp aldylar+.