- 
	                        
            
            Zebur 78:43—51Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        43 Müsür topragynda eden alamatlaryny+, Suwan ýurdunda görkezen gudratlaryny unutdylar. 44 Adamlar akar suwdan içmesinler diýip, Nil derýasynyň suwuny gana öwürdi+. 46 Ekinlerini ýalmap-ýuwudýan çekirtgelere, Der döküp alan hasylyny çekirtge sürüsine iýdirdi+. 49 Ol gahar-gazaba mündi, Olardan närazy bolup, bela-betere duçar etdi. Başlaryna heläkçilik indermek üçin perişdelerini iberdi. 50 Hudaý gaharyny saklamady, Olary ölüm penjesine berdi, Mergi bilen gyryp taşlady. 51 Ahyrynda Müsüriň ähli nowbaharlaryny+, Hamyň çadyrlarynda ilkinji doglanlary öldürdi. 
 
-