- 
	                        
            
            2 Musa 34:6, 7Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        6 Soňra Ýehowa onuň öňünden geçip: «Ýehowa, Ýehowa rehimdar+, mähirli*+, giň göwünli*+, wepaly söýgä* baý+, sözünde durýan*+, 7 müňlerçe adama wepaly söýgüsini* bildirýän+, etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýan+ Hudaýdyr. Ýöne günäkäri jezasyz goýýan däldir+, atalaryň etmişi üçin ogullaryna, agtyk-çowluklaryna* jeza berýändir»+ diýdi. 
 
-