- 
	                        
            
            5 Musa 4:25, 26Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        25 Ýurtda uzak wagt ýaşap, ogul-gyzly, agtyk-çowlukly bolanyňyzda, ýaman ýola düşüp, özüňize but ýasasaňyz+, Ýehowa Hudaýyňyzyň ýigrenýän işlerini edip, göwnüne degseňiz+, 26 ine, ýer-gök şaýatdyr: Iordandan geçip, mesgen tutjak ýurduňyzda gysga wagtyň içinde ýok bolup gidersiňiz. Ýurtda uzak ýaşamarsyňyz, baryňyz heläk bolarsyňyz+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            Ýuşa 23:12, 13Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        12 Emma Hudaýdan ýüz öwrüp, daş-töweregiňizde ýaşaýan halklara+ goşulyp, olar bilen gatnaşsaňyz, garyndaşlyk açsaňyz+, 13 bilip goýuň, Ýehowa Hudaýyňyz şol halklary ýurtdan kowup çykarmaz+. Ýehowa Hudaýyňyzyň beren gowy ýurdunda gyrlyp gutarýançaňyz, olar size duzak hem tor, arkaňyza urlan gamçy+, gözüňize dürtülen tiken ýaly bolar. 
 
-