- 
	                        
            
            2 Musa 19:19Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        19 Surnaýyň sesi gitdigiçe güýjeýärdi. Musa gepleýärdi, hak Hudaý bolsa jogap berýärdi. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            5 Musa 4:10—13Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        10 Horepde Ýehowa Hudaýyňyzyň öňünde duran günüňiz, Ýehowa maňa: „Halky huzuryma ýygna. Sözlerimi eşidip+, hemişe menden gorkup ýaşamagy öwrensinler+, ogullaryna-da öwretsinler“+ diýdi. 11 Şonda siz gelip, dagyň eteginde durduňyz. Dag lowlap ýanyp durdy, oduň ýalny asmana ýetýärdi. Dagy tüm-garaňkylyk we gara bulut gaplady+. 12 Ýehowa oduň içinden siz bilen gepleşip başlady+. Siz onuň aýdan zatlaryny eşitseňiz-de, keşbini görmediňiz+, diňe sesini eşitdiňiz+. 13 Hudaý siz bilen äht baglaşyp+, iki daşa on tabşyrygyny+ ýazyp berdi+ we olary berjaý etmegi buýurdy. 
 
-