7Ýehowa Hudaýyňyz tizden sizi mülk edip berjek ýurduna elter+. Ol uly halklary, sizden has köp, güýçli+ ýedi halky: hetleri, girgaşlary, amorlary+, kenganlary, perizleri, hiwileri, ýabuslary+ ýurtdan kowup çykarar+.
9Eý ysraýyllar, diňläň! Indi Iordandan geçip+, sizden has beýik hem güýçli halklaryň ýurduny eýelärsiňiz+. Olaryň beýik-beýik, depesi göge ýetýän galalary* bardyr+.
5 Siz olaryň ýurduny gowy ýa akýürekli adam bolanyňyz üçin miras alaňyzok. Ýehowa Hudaýyňyz şol halklary erbet işleri üçin ýurtdan kowýar+. Şeýtmek bilen, Ýehowa ata-babalaryňyz Ybraýyma+, Yshaga+ we Ýakuba+ beren wadasyny* berjaý edýär.