-
Ýuşa 8:33, 34Mukaddes Kitap
-
-
33 Ähli ysraýyllar, halkyň ýaşululary, ýolbaşçylary, kazylary äht sandygynyň iki tarapynda, Ýehowanyň äht sandygyny göterýän lewi ruhanylara seredip durdylar. Olaryň arasynda gelmişeklerem bardy+. Ysraýyllara ak pata bermek üçin, halkyň ýarysy Gerizim dagynyň, ýarysy bolsa Gewal dagynyň+ öňünde durdy. Sebäbi Ýehowanyň guly Musa şeýle etmegi tabşyrypdy+. 34 Ýuşa tutuş Kanuny+, Kanunda ýazylan alkyşlary*+ we gargyşlary+ sesli okap berdi.
-