-
4 Musa 18:21Mukaddes Kitap
-
-
21 Ysraýyldaky ähli zadyň ondan bir bölegini+ lewilere miras edip berýärin, sebäbi olar ýygnak çadyrynda hyzmat edýärler.
-
-
Nehemýa 10:38, 39Mukaddes Kitap
-
-
38 Lewiler ähli zadyň ondan bir bölegini ýygnanda, Harunyň neslinden bir ruhany olaryň ýanynda dursun. Lewiler ondan bir bölegiň hem ondan birini alyp, Hudaýymyzyň öýündäki ammarda goýsun+. 39 Ysraýyllar we lewiler galladan, täze şerapdan, ýagdan+ berýän sadakalaryny+ mukaddes gap-gaçlar goýlan ammara getirsin. Şol ammarlarda ruhanylar, derwezebanlar we aýdymçylar hyzmat edýär. Indi Hudaýymyzyň öýüni ünsden düşürmeris»+.
-
-
Melek 3:8Mukaddes Kitap
-
-
8 «Ynsan Allany talap bilermi? Emma siz meni talaýarsyňyz».
Siz: «Biz näme etdik?» diýýärsiňiz.
«Siz ne sadaka, ne-de hasylyň ondan birini berýärsiňiz.
-