- 
	                        
            
            4 Musa 14:39—45Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        39 Musa muny ysraýyllara aýtdy, olar dady-perýat edip başladylar. 40 Ertesi olar daň bilen turup: «Biz günä etdik. Indi Ýehowanyň aýdan ýurduna gitmäge taýyn» diýdiler-de, daga çykjak boldular+. 41 Emma Musa: «Ýehowanyň tabşyrygyna näme üçin boýun bolaňyzok? Beýtseňiz, gowulygyň üstünden barmarsyňyz. 42 Gitmäň, Ýehowa sizi goldamaz. Duşmanlar sizi derbi-dagyn eder+. 43 Amalekler bilen kenganlar üstüňize hüjüm edip+, gylyçdan geçirer. Ýehowadan ýüz öwrendigiňiz üçin, Ýehowa sizi goldamaz»+ diýdi. 44 Olar şonda-da kesirlik edip, daga çykdylar+. Ýehowanyň äht sandygy bilen Musa bolsa düşelgede*+ galdy. 45 Dagda ýaşaýan amalekler bilen kenganlar bolsa aşak düşüp, ysraýyllary derbi-dagyn etdiler-de, Horma+ çenli kowaladylar. 
 
-