-
1 Şamuwel 9:17Mukaddes Kitap
-
-
17 Şamuwel Şawuly gören badyna, Ýehowa oňa: «Ine halkyma baştutanlyk etjek adam»+ diýdi.
-
-
1 Şamuwel 10:24Mukaddes Kitap
-
-
24 Şamuwel: «Ýehowanyň kimi saýlanyny görýäňizmi?+ Halkyň içinde oňa taý geljek barmy?!» diýdi. Şonda adamlar: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.
-
-
1 Şamuwel 16:12, 13Mukaddes Kitap
-
-
12 Ýesse adam iberip, ogluny getirtdi. Ol saryýagyz*, gözleri owadan, görmegeý oglandy+. Şonda Ýehowa: «Ine meniň saýlanym! Bar, ýag guý-da, ony belle»+ diýdi. 13 Şamuwel ýagly gaby+ alyp, doganlarynyň öňünde Dawudyň başyna ýag guýdy. Şol gün Dawudyň üstüne Ýehowanyň ruhy inip, oňa güýç-kuwwat berip başlady+. Şamuwel bolsa biraz wagtdan Rama gaýtdy+.
-