-
1 Şamuwel 28:7—11Mukaddes Kitap
-
-
7 Ahyry ol hyzmatkärlerine: «Maňa bir jadygöý aýal tapyň+. Gidip, ondanam sorap göreýin» diýdi. Olaram: «Endorda+ bir jadygöý aýal-a bar» diýdiler.
8 Şawul özüni tanatmajak bolup, başga eşik geýdi-de, ýanyna iki adamy alyp, gije şol aýalyň öýüne gitdi. Şawul oňa: «Ruhlara ýüz tutup, pal at-da+, aýdan adamymy çagyryp ber» diýdi. 9 Emma jadygöý aýal: «Şawulyň jadygöýleri we bilgiçleri Ysraýyldan kowanyny bileňokmy?+ Meni duzaga düşürip, öldürtjek bolýan-a dälsiň?»+ diýdi. 10 Şonda Şawul Ýehowadan ant içip: «Ýehowa diri şaýatdyr, seni hiç kim günäkärlemez!» diýdi. 11 Jadygöý: «Kimi çagyryp bereýin?» diýip sorady. Şawul hem: «Şamuweli» diýdi.
-