18 Kazylar ähli zadyň anygyna ýetsin+. Eger şaýadyň sözi ýalan bolup çyksa we doganyna töhmet atan bolsa, 19 doganyna etjek bolan ýamanlygyny özüne ediň+. Şeýdip, erbetligi araňyzdan aýryň+.
20 Olar şäher ýaşulularyna: „Oglumyz kesir, özdiýenli, diýenimizi edenok. Onsoňam, açgöz+ hem içegen“+ diýsinler. 21 Soňra şäheriň ilaty oglany daşlap öldürsin. Erbetligi araňyzdan aýryň, tutuş ysraýyl halky muny eşidip gorkar+.