22 Eger biri ölüme mynasyp günä etse, ony öldürip+, pürsden assaňyz+, 23 jesedini gijesi bilen pürsde goýmaň+, şol günüň özünde jaýlaň, sebäbi pürsden asylan adam Hudaý üçin ýigrenjidir*+. Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip berjek ýurduny haram etmäň+.
29 Ol Aý şäheriniň hanyny öldürip, agşama çenli pürsden* asyp goýdy. Gün ýaşyp barýarka, Ýuşa onuň jesedini pürsden düşürmegi buýurdy+. Jesedi şäher derwezesiniň agzyna taşlap, üstüne daş üýşürdiler. Şol daş üýşmegi henizem dur.