8 Birnäçe wagtdan ol Beýteliň+ gündogaryndaky daglara gidip, şol ýerde çadyryny dikdi. Onuň günbatarynda Beýtel, gündogarynda bolsa Aý şäheri+ ýerleşýärdi. Ybram şol ýerde Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny gurup+, Ýehowanyň adyny çagyryp başlady+.
28 Ol adamlary bilen maslahatlaşyp, iki altyn göle ýasady-da+, halka: «Iýerusalime gidip kösenmäň. Eý Ysraýyl, ine sizi Müsür ýurdundan çykaran Hudaýyňyz»+ diýdi. 29 Ýerobgam olaryň birini Beýtelde+, beýlekisini Danda+ goýdy.