-
4 Musa 35:22—24Mukaddes Kitap
-
-
22 Adam birini ýigrenmese-de, tötänden itekläp goýberse ýa-da bilmän*+ zat zyňsa, 23 görmän daş zyňsa, ýa-da daşy üstüne gaçyrsa, ol adam hem ölse, ýöne günäkäriň hiç hili duşmançylygy we erbet niýeti ýok bolsa, 24 jemagat şol zatlary göz öňünde tutup, adam öldüren bilen gan algylynyň* arasyndaky meselä seretsin-de, höküm çykarsyn+.
-
-
5 Musa 19:4—6Mukaddes Kitap
-
-
4 Gaçybatalga şäheri üçin düzgün şeýledir: eger biri hiç hili duşmançylygy bolman, bir adamy tötänden öldürse, şol şähere gaçyp gutulyp biler+. 5 Aýdaly, iki adam tokaýa odun almaga gidýär. Olaryň biri odun çapyp durka, palta sapyndan sypyp, beýleki adama degse, ol hem ölse, ganhor şol şäherleriň birine gaçyp başyny gutarsyn+. 6 Ýöne şäher uzak bolsa, gan algyly adam*+ ganhoryň yzyndan ýetip, gaharyna ony öldürer. Aslynda, ol ölüme mynasyp iş etmedi, sebäbi ölen adam bilen hiç hili duşmançylygy ýokdy+.
-