14 Indi meniň ölümim golaýlap gelýär. Bilşiňiz ýaly, Ýehowa Hudaýyňyzyň beren gowy wadalarynyň hiç biri ýerine ýetmän galmady, ählisi aýdyşy ýaly boldy. Her bir sözi ýerine ýetdi+.
56 «Ýehowa şöhrat! Ol wada berişi ýaly, ysraýyl halkyna parahatlyk* berdi+. Guly Musa arkaly aýdan gowy wadalarynyň ýekejesi-de ýerine ýetmän galmady+.
18 Şeýlelikde, Hudaýyň beren wadasy we içen anty üýtgeýän däldir, sebäbi ol ýalan sözläp bilmez+. Şonuň üçin biz Hudaýyň penasynda* gizlenip, has-da ruhlanyp bileris we berlen umyda berk ýapyşarys.