Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 3 Musa 26:3—12
    Mukaddes Kitap
    • 3 Kada⁠-⁠kanunlaryma eýerip, tabşyryklarymy berjaý edip ýaşasaňyz+, 4 ýurduňyza wagtly⁠-⁠wagtynda ýagyş ýagdyraryn+. Topragyňyz bol hasyl berip+, agaçlaryňyz miwe getirer. 5 Hasylyň bollugyndan ýaňa heniz harman döwüp gutarmankaňyz, üzümleriňiz ýetişer. Olary ýygnap ýetişmänkäňiz, ekiş döwri başlar. Ýurduňyz parahat bolar, bolçulykda ýaşarsyňyz*+. 6 Ýurduňyza parahatlyk bererin+, rahat ýatyp turarsyňyz+. Wagşy haýwanlary ýurduňyzdan kowup çykararyn, size gylyç galdyran adam bolmaz. 7 Duşmanlaryňyzy kowalap, gylyçdan geçirersiňiz. 8 Bäşiňiz 100 esgerden, 100 sanyňyz 10 000 esgerden üstün çykyp, duşmanlaryňyzy gylyçdan geçirersiňiz+.

      9 Berekediňizi artdyraryn, ogul⁠-⁠gyzly edip, nesliňizi köpelderin+. Siz bilen baglaşan ähtime wepaly bolaryn+. 10 Entek öňki ýylyň hasylyny iýip gutarmankaňyz, täze hasyl üçin ammaryňyzy boşatmaly bolarsyňyz. 11 Mukaddes çadyrymy araňyzda goýaryn+, sizi hiç wagt taşlamaryn. 12 Hemişe ýanyňyzda bolaryn. Men siziň Hudaýyňyz+, siz hem meniň halkym bolarsyňyz+.

  • 5 Musa 28:1
    Mukaddes Kitap
    • 28 Ýehowa Hudaýyňyza gulak asyp, men arkaly berýän tabşyryklaryny birkemsiz ýerine ýetirseňiz, Ýehowa Hudaýyňyz sizi ýer ýüzündäki ähli halklardan beýgelder+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş