15 Emma Ýehowa Hudaýyňyza gulak asman, men arkaly berýän tabşyryklaryny we kanunlaryny ýerine ýetirmeseňiz, şu gargyşlar başyňyzdan inip, sizi gurşap alar*+:
48 Ýehowa duşmanlary üstüňize çozdurar, olara aç-suwsuz+, köne-küşül eşikde hyzmat edersiňiz+, garyplykdan kösenersiňiz. Hudaý sizi bütinleý ýok edýänçä, boýnuňyza demir boýuntyryk geýdirer.
14 Şol sebäpli Ýehowa gahar-gazaba münüp, ysraýyllary duşmanlarynyň eline berdi+. Olar hem ysraýyllary taladylar. Hudaý olary goňşy halklaryň eline berdi+. Olar duşmanlaryna garşy durup bilmediler+.
28 Emma olar erkinlige çykan badyna, ýene-de erbet işleri ederdiler+. Şonda olary terk edip, sütem edýän duşmanlaryň eline bererdiň+. Saňa dolanyp, kömek sorasalar+, gökden eşidip, rehim-şepagatyň bilen gaýta-gaýta halas ederdiň+.