-
Serdarlar 3:28Mukaddes Kitap
-
-
28 Ehut olara: «Meniň yzyma düşüň, Ýehowa mowaplary eliňize berdi» diýdi. Olar hem Ehutyň yzyna düşdüler. Mowaplar gaçyp bilmez ýaly, ysraýyllar Iordanyň ýalpak ýerlerini eýelediler we şol ýerden hiç kimi geçirmediler.
-
-
Serdarlar 7:24Mukaddes Kitap
-
-
24 Gedeýon Efraýymyň daglaryna çapar ýollap: «Midýanlar geçmez ýaly, Beýtbaryň we Iordanyň ýalpak ýerlerini eýeläň» diýdi. Efraýymlaryň ählisi ýygnanyp, Beýtbaryň we Iordanyň ýalpak ýerlerini eýelediler.
-