Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Patyşalar 1:39, 40
    Mukaddes Kitap
    • 39 Sadyk ruhany çadyrdan+ ýagly gaby*+ aldy⁠-⁠da, Süleýmanyň başyna ýag guýdy+. Soňra surnaý çalyp başladylar. Tutuş halk: «Ýaşasyn Süleýman patyşa!» diýip gygyrdy. 40 Adamlar gargy tüýdük çalyp, şatlyk⁠-⁠şowhun bilen Süleýmanyň yzyna düşüp gaýtdylar. Olaryň şowhunly seslerinden ýer sarsyp gitdi*+.

  • 2 Patyşalar 11:12
    Mukaddes Kitap
    • 12 Soňra Ýehoýada şazadany+ daşaryk çykaryp, başyna täç geýdirdi⁠-⁠de, Hudaýyň kanunyny+ onuň depesinde saklap durdy*. Olar şazadany patyşa edip bellediler⁠-⁠de, el çarpyşyp: «Ýaşasyn patyşa!»+ diýip gygyryşdylar.

  • 2 Patyşalar 11:14
    Mukaddes Kitap
    • 14 Görse, patyşa adat boýunça sütüniň ýanynda dur+. Baştutanlar bilen surnaýçylar+ bolsa patyşanyň gapdalyndady, tutuş jemagat şatlanyp, surnaý çalýardy. Şonda Atalýa ýakasyny ýyrtyp: «Dönüklik! Dönüklik!» diýip gygyrdy.

  • 1 Taryh 12:39, 40
    Mukaddes Kitap
    • 39 Olar üç günläp Dawudyň ýanynda boldular. Dogan⁠-⁠garyndaşlary olara hezzet⁠-⁠hormat etdiler. 40 Golaýda ýaşaýan ysahar, zebulun we naftaly taýpalary hem eşeklere, düýelere, gatyrlara we öküzlere ýükläp, un*, kak edilen injirli we kişmişli külçe, şerap, ýag, birgiden öküz we goýun getirdiler, sebäbi Ysraýylda uly şatlyk⁠-⁠şagalaň bolýardy.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş